logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy» ady bilen medeni çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler bagtyýar ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn hem-de medeniýetli dynç almaklary ugrunda birnäçe aladalaryň edilýändigini, olaryň abadan, parahat, asuda durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemme taraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim terbiýe almaklary üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan türkmen halk ertekileri ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen, ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler we birnäçe ertekilerden çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.