logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AK ÝOLLAR BAGTLY GELJEGE ELTÝÄR

Ahal welaýat kitaphanasynyň Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynda “Ak ýollar bagtly geljege eltýär” atly çeper okaýyş geçirildi.

Çagalar baglarynda çeper okaýyş–körpeleriň dil baýlygyny, hyýal güýjüni we çeper sözleýiş ukybyny ösdürýän, ertekileri, goşgulary aýdyp bermek ýa-da okap bermek arkaly amala aşyrylýan terbiýeçilik işidir. Bu çäreler çagalarda kitap söýgüsini döredip, olaryň döredijilikli pikir etmegine we medeni taýdan ösmegine uly goşant goşýar.