logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AK ÝOLLAR UZAÝAR GELJEGE BAKAN, ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN TÜRKMENISTAN!

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň we bu medeni ojaklaryň bilelikde gurnamaklarynda “Ak ýollar uzaýar geljege bakan, Öňe, diňe öňe, jan Türkmenistan!” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda bedew batly okgunly ösüşleri bilen tanalýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy indi asylly däbe, özboluşly ýörelgä öwrülendigi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu ýörelge ýurdumyzyň ösüşinde esasy ugurlary pugtalandyrmak bilen birlikde, halkymyzyň şöhratly taryhynda gazanan milli gymmatlyklaryna bolan egsilmez buýsanjy aýdyň şöhlelendirýändigi. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigi. Şeýle çuň mazmunly şygar bilen dabaralanýan ýylda halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk taryhy senesini giňden toýlajakdygy. Çünki Garaşsyzlyk Watanymyzyň sarsmaz binýadydyr, abadan bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Halkymyz üçin döretmäge, gurmaga güýç-kuwwat berip, beýik maksatlara ruhlandyrýan mukaddes düşünjedigi. Halkymyzyň umumyadamzat medeni ösüşine goşan mynasyp goşandy bolan bedew bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýçdigi barada gürrüňler edildi. Bu çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Garaşsyzlygy baýdak edinip ynamly öňe barýan halkymyza ýaşamana, işlemäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.