logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AK ÝOLLARDA ROWAÇLANÝAN WATANYM

Lebap welaýat kitaphanasynda, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesi bilen welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Ak ýollarda rowaçlanýan Watanym» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde, medeniýet diňe bir döwletiň, jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy däl, eýsem, dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy mäkäm berkidiji güýç hökmünde çykyş edýändigini we bu barada hut alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda hem aýdyň edilýändigi, medeniýet ulgamynyň alyp barýan işleri hem ynsanperwerlik bilen berk baglydygy,ynsanperwerlik bolsa halkymyzyň aňyrdan gelýän ýardamyny gaýgyrmazlyk halkymyzyň asylly hem nusgalyk häsiýetlidigi barada durulyp geçildi.Ynsanperwerlik adamlaryň arasyndaky ýürekdeşli, dost-doganlyk garaýyşlary ösdürýär. Şol garaýyşlar bolsa ynsan ýüreklerine mähir köprüsini çekýär. Diýmek, biz dünýä ýaýylýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň üsti bilen dünýä dost-doganlyk, ýürekdeşlik ýoluny çekýäris. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň döwrebap derejede galkynmagynda, dünýä ýaýylmagynda hemişelik Bitaraplygymyza möhüm orun degişlidir.Çünki hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň hiç haçan sowulmajak parahat durmuşynyň, bagtyýarlygynyň sarsmaz binýadydyr diýilip bellenildi.