logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Akpamygy okap, düşüneliň doganlygyň gadryna

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bakja bagynda “Akpamygy okap, düşüneliň doganlygyň gadryna” atly gürrüň geçirdiler. Bu ertekiniň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler. Ertekiniň üsti bilen körpeleriň edepli, ula hormat goýup, kiçä sylagly bolmalydygy hem-de kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy barada bellediler. Şeýle-de çagalar bilen ertekiniň gahrymanlary esasynda özara gyzykly sorag-jogap alyşdylar. Bu geçirilen gürrüň çagalarda uly täsir galdyrdy.