logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AKTAU ŞÄHERINDE TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MUZEÝLERINIŇ HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI

16-17-nji oktaýabrda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Döwlet muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň IV maslahaty» geçirildi. Maslahatda «Daş ýadygärlikler - türk dünýäsiniň umumy mirasy» ady bilen geçirildi. Bu maslahata Gazagystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Gagauziýadan we Demirgazyk Kiprden gatnaşdylar.

Soňra gatnaşyjylar A.Kekilbaýew adyndaky Mangistau sebit taryhy-ýerli taryh muzeýine we «Türklerde haly dokamak sungaty» atly halkara sergisine baryp gördiler. 17-nji oktýabrda muhmanlar sebitiň medeni we tebigy mirasynyň täsin ýadygärlikleri bilen tanyşmak üçin Şopan-ata we Beket-ata ýerasty metjitlerine, şeýle hem Bozjyra traktyna gezelenje aýlanarlar.