Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Akyl hazynasy» atly kitapdan sesli okaýyş geçirildi.
Çärede halkymyzyň asyrlar boýy özüniň milli däp-dessurlaryny saklap gelip, şonuň netijesinde ýaş nesilleri terbiýelemekde hem şol millilikden ugur alyp, olaryň aňyna ornaşdyrmak üçin halk döredijiliginiň ýagny, ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de «Akyl hazynasy» atly kitapda türkmen halk döredijiliginiň şahyrana žanrlary bolan matallar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlary öz içine alyp, nesil terbiýesine gönükdirilen söz sungatyň täji bolup durýandygy hakynda aýtdylar.
Çäräniň ahyrynda halkymyza eşretli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.