logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Akyldar Pyraga belent sarpa

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri bölümiň okalga zalynda “Akyldar Pyraga belent sarpa” atly giňişleýin kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligine bagyşlanan kitaplary öz beýany tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinde Magtymguly Pyraga uly baha berilýär. Bu günki gün türkmen halky, ýaş nesillerimiz akyldar şahyrymyzyň kitaplaryny söýüp okaýarlar, şygyrlaryny bagşydyr-sazandalarymyz aýdym edip aýtýarlar. Gurnalan kitap sergisi hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!