logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ALAJA-NEPISLIGIŇ NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Alaja-nepisligiň nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikden kemal tapan türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklary asyrlardan-asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize öz gymmatyny ýitirmän gelendigi hakynda belläp geçdiler. Şeýle-de ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleri alaja işmek, jähek kakmak, haly dokamak, keçe basmak ýaly ähli el-işleri milli-mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.