logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ALAJA–NEPISLIGIŇ NUSGASY

ALAJA–NEPISLIGIŇ NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 134-nji orta mekdebinde «Alajalar–nepisligiň sungaty» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikden kemal tapan türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklary asyrlardan-asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize öz gymmatyny ýitirmän gelendigi hakynda gürrüň berdiler. Ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleri nesilden-nesile geçirmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak her bir türkmen zenanlarynyň mukaddes borjy bolup durýandyr, şeýle-de alaja işmek, jähek kakmak, haly dokamak, keçe basmak ýaly ähli el-işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.