logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk – berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewiligini şöhratlandyrýan mukaddeslik bolup, ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhyny şöhlelendirýän, Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän ajaýyp baýramlaryň biridigi hakynda beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp ýurdumyzyň, beýik geljegimiziň hatyrasyna alnyp barylýan işler durmuşa geçirilýändigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanmak her bir ynsana mahsusdygy hakynda gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, agzybirligi, parahatçylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.