logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Älem syry kitap bilen açylýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Älem syry kitap bilen açylýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini döretmekde, çagalary Watansöýüji ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde, hem-de Gökdere jülgesinde tomusky dynç alyş döwrini şatlykly pursatlara besläp ýokary derejede dynç almaklary ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp hazynasy bolan türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly häsiýetleriň jemlenendigi hakynda giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler hem-de çagalar bilen türkmen halk ertekileriň gahrymanlary barada sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.