Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlap «Äleme nusgalyk türkmen halysy» atly kitap sergisini we talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik gurnadylar. Bu sergi talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri türkmen halysynyň taryhyndan şeýle hem halynyň gölleri we görnüşleri barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Türkmen milli sungatymyzyň arasynda gözelligi türkmeniň tugunda parlaýan, külli adamzady haýran edýän, şöhraty äleme dolan halylarymyz çeper elli gelin-gyzlarymyzyň hünäridir. Alym Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” atly kitabynda belleýşi ýaly: Türkmen halysynda gözelligiň dowamaty bar.Bu ötülen ha külpetli, ha-da lezzetli menzilleriň milli-ruhy ýagdaýyny okap bolýan ýeke-täk eser-ol hem türkmen halysydyr. Haly ynsan aňynyň tebigat, daş-töwerek bilen göniden göni baglanşygynyň köprüsidir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Ata-babalarymyz “Malym-janym, malym-halym” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Halkymyzda “Öý haly ýazylan ýerden başlanýar” diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen halysynyň düşegi köplenç gyzyl reňkde bolmagy onuň aýratynlarynyň biridir.
Durmuşda halyçynyň seçip alşyna görä, çym-gyzyl, goňur, ülje, gülgüne, gyzyl-gyrmyzy reňkli çöpboýalaryň, naryň gabygyndan, adaty hozuň miwesiniň gabygyndan reňkleriň alnandygy, Eýrandan, Hindistandan, Pakistandan getirilen nil boýaglaryň, gök reňkli, mör-möjeklerden alnan köşenil gyzyl, malina reňkli boýaglaryň, ýiti, dok gyzyl, altynsow teňňäni ýada salýan sary, gögümtil ýaşyl reňkler bolup, olaryň ýerli-ýerinde ulanylandygy hakynda halyşynas enelerimiz gürrüň berýär. Boýaglaryň iňňän berk bolup, olaryň üstünden birnäçe asyr geçse-de üýtgemeýändigi hakynda hünärmenler belleýärler. Altaý sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan biziň eýýamymyzdan ozalky V asyra degişli Pazyryk halysy hakynda Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda: «Birnäçe taryhçylar subutnamada has aňry gitdiler. Olaryň pikiriçe, diňe bir kompozisiýasy boýunça (merkezi gölleriň ýerleşişi we reňkleriň sazlaşygy babatda) däl, eýsem türkmen halysynyň merkezindäki 24 gölüň oguz türkmenleriniň 24 taýpasyny aňladýandygyny tassyklaýarlar” diýip bellemek arkaly, bu halynyň ata-babalarymyzyň sünnä durmuşy hakynda köp zatlary gürrüň berýändigini tassyklaýar. Bu gymmatly tapyndynyň orta meýdançasynda keseligine 4 hatardan, dikligine hem 6 hatardan, jemi 24 inedördül gölüň ýerleşdirilmegi, onuň dört başly gülden, gülüň dört okara ýapragynda atanak şekilli nagyşlaryň çitilmegi, halynyň örän syk dokalandygy, esasy meýdanynyň daşynyň jäheklenendigi, onuň düşeginiň hem gyzyl bolup, ýüzünde atanak sary nagyşlaryň bolmagy Oguz han Türkmeniň taryhy geçmişini ýatladýar. Halynyň bu ugurdan dabarasy daglar aşan ene-mamalarymyzyň el hem aň önümidir diýmäge esas döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli mirasymyzy, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Türkmen halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen halylarymyz aradan näçe asyr geçendigine garamazdan geçmişden şu güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýär.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Maral NURYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Medeniýet habarlary we täzelikleri