logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÄLEME ŞUGLA SAÇÝAN AŞGABAT

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkaç–söwda dynç alyş merkezinde “Aşgabat” teleýaýlymyň “Ak şäherim Aşgabat” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Äleme şugla saçýan Aşgabat” atly söhbetdeşligi geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda gözel paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütündünýä toruna girizilmegi, ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň bilim almagy üçin amatly şertleri döretmekde ýurdymyzyň paýtagtynyň ýeten belent sepgitleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülendigi hakynda täsirli söhbetler edildi. Gözelligiň göwher gaşyna deňelýän mähriban paýtagtymyz Aşgabat bu gün dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriň arasyndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Ine şular dogrusyndaky gürrüňlere hem orun berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherini parahatçylygy pugtalandyrmakda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.