logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Äleme şugla saçýan merjen Aşgabat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Äleme şugla saçýan merjen Aşgabat” ady bilen söhbetdeşlik gurnady.

Bu söhbetdeşlikde Ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki wagtda binagärlik keşbiniň düýpgöter üýtgändigi, gurulan ymaratlardyr, seýilgähler dogrusynda gürrüň edildi. Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň ajaýyp gazananlarynyň waspyny ýetirýän şygyrlardan labyzly okap berdiler.

Paýtagtymyzy dünýäniň ösen, iň owadan şäherleriniň hataryna çykaran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.