logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÄLEME ÝAŇ SALÝAR TÜRKMEN SUNGATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň binalar toplumynda «Äleme ýaň salýar türkmen sungaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler gözel diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçilýändigini we Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Medeniýet we sungat ulgamy ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Türkmen halkynyň dünýä ýaň salýan baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmekde, ýaş nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýandygyny we ajaýyp goşgylary bilen halkyň hakydasynda baky orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bu günki günde sarpasynyň arşa göterilýändigini beýan etdiler.

Şeýle-de çäräniň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan şahyr zenanmyzyň, ýurdumyzyň ýetilen belent sepgitleri baradaky ýürek buýsançlary siňen, ajaýyp Watanmyzyň tarypyny wasp etýän dürdäne goşgularyndan okap berildi.

Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň şan şöhratyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.