logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÄLEMIŇ SOLTANY, ÖÝÜŇ EÝESI MÄHREM ENELER

ÄLEMIŇ SOLTANY, ÖÝÜŇ EÝESI MÄHREM ENELER

Balkan welaýat kitaphanasynyň Miras otagynda Halkara zenanlar baýramy bolan 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli kümüş saçly eneleriň, mugallymlaryň, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Älemiň soltany, öýüň eýesi mährem Eneler» atly edebi-sazly çäre geçirildi. Geçirilen edebi-sazly çärede mähriban ene, bägül ýaly owadan gelin-gyzlarymyz hakynda şahyrlar goşgy okasa, aýdymçylar eziz eneleri wasp edýän aýdymlary ýürekden joşup aýdyp berdiler.

Geçse-de ýüz müňläp sene diýdiler.
Artar keramaty ýene diýdiler.
Dünýäniň ähli halklarynyň dilinde.
Iň owadan söze Ene diýdiler.
***

Goşgyda aýdylşy ýaly ene hemme ýerde Ene! 2-nji orta mekdebiň okuwçylary türkmen, iňlis, rus, arap dillerinde ene barada okan goşgy çykyşlary myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Çykyş eden kümüş saçly eneler, mugallymlar, talyplar, lukmanlar, şahyr, aýdymçy zenanlar, kitaphana işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» halkara derejesinde bellenilýän 8-nji mart aýal-gyzlaryň baýramynyň ýetip gelmegi, dabaranyň giňden bellenilmegi, Enelere, aýal- gyzlara belent sarpanyň goýulýandygyna buýsanç bilen çykyş etdiler. Edebi-sazly çärä gatnaşan myhmanlar Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza enelere, aýal-gyzlara goýýan hormat, sylaglaryna alkyş aýtdylar.