Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgütleri netijesinde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze binasynyň gurlup berilmegi baradaky hoş habar bizi diýseň buýsandyrdy. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde bina ediljek «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäklerinde gurmak hakyndaky karary mynasybetli «Alkyş size şöhrat size Arkadag» ady bilen hoşallyk maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda bu kitaphananyň kalplary buýsançdan, dilleri alkyşdan doly kitaphanaçylary ýurdumyzda kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesilleri kitap bilen ýakyndan dostlaşdyrmak babatda edilýän aladalar dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin ýene-de irginsiz zähmet çekjekdiklerini ynamly nygtadylar. Buýsançly kalplardan syzylyp çykýan hoşallyk sözlerine Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bagtyýar kitaphanaçylary hem goşulyp, biragyzdan ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler.
Hoşallyk maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, kitaphana ulgamyny has-da ösdürip,döwrebaplaşdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin. ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.