logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ALTYN GÜÝZÜŇ WASPY

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Aşgabat şäherinde durky täzelenen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy seýilgähinde, ýurdumyzyň şahyrlarynyň «Altyn güýzüň waspy» atly aýdyşyk äheňli çeper okaýyşlary geçirildi.

Bolçulygyň, rysgal-bereketiň hem-de özboluşly gözelligiň pasly bolan güýz döredijilik adamlarynyň pikir-garaýyşlarynyň, duýgularynyň has-da kämilleşmegine uly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin güýzde ýazylan eserler manyly kämil pikirlere baý bolup, kalbyňy täze oý-hyýallara doldurýar.

Ynha, şeýle pikir-garaýyşlar «Altyn güýzüň waspy» atly aýdyşyk äheňli çeper okaýyş çäresinde çykyş eden, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa şahyr Oguljemal Çaryýewanyň, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Akmyrat Hojanyýazowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Çemen Annaberdiýewanyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy, ýaş şahyr Kerimberdi Hakberdiýewiň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Altyn güýzüň gözellikleri her bir adamyň kalbyna döredijilik ylhamyny, täsin pikirleri eçilýär. Hoşboý ysly gülleriň, altynsow öwüsýän daragtlaryň özboluşly ysy, seriňi durlap, kalbyňy heýjana getirýär. Tebigatyň tylla reňke boýan baglarynyň gatyrawsy ýapraklary diýseň özüne çekiji. Altyn güýzde goýny gözellige beslenen seýilgähiň görnüşini synlamagyň özem aýratyn lezzet berýär.

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän döwrebaplaşdyrylan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy seýilgähiniň al-elwan gülli, bagy-bossanly tebigaty ajaýyp döwrümiziň ösüş-özgerişlerine buýsanjymyzy artdyryp, kalby ylham-joşgunly şahyrlarymyzda ýakymly duýgulary oýardy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy dabaralara beslenip giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şahyrlarymyzyň ýüreginden syzylyp çykan şygyrlaryny okaýyşlary has-da täsirli boldy. Her bir şygyrda parahat Watanymyza hem-de tebigatymyza bolan çäksiz hormat-sarpa aýdyň duýuldy.

Seýilgähde ildeşlerimiziň rahat dynç almagy, şadyýan çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur sertler döredilen. Bu seýilgähe dynç almaga gelýän bagtyýar raýatlaryň köplügini göreniňde guwanýarsyň.

«Altyn güýzüň waspy» atly aýdyşyk äheňli çeper okaýyş çäresine gatnaşyp çykyş eden şahyrlarymyz, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy gülledip ösdürýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Ogulgurban GAŞLAKOWA

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.