logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ALTYN GÜÝZÜŇ WASPY» ATLY ŞAHYRLARYŇ ESERLERINE SESLI OKAÝYŞ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy–ýakynda Aşgabat şäherindäki 28–nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Altyn güýzüň waspy» atly altyn güýzüň waspçy şahyrlarynyň eserlerinden sesli okaýyş geçirildi.

Hünärmenimiz mekdebiň kitaphanaçysy bilen çagalara, şahyrlarymyzyň biziň daş–töweregimizi gurşap alan dürli agaçlaryň gözelligini, tebigatyň ajaýyplyklaryny öz setirlerinde wasp edýändigini belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz, ýylyň–ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her biriniň öz aýratynlygyny, täsinligini, ajaýyp gözelligine eýe bolýandygyny, ýylyň dört paslynyň münewweri hasap edilýän güýz paslynda tebigatyň ajaýyplyklaryna görk goşýan dürli agaçlaryň altynsow reňki, olaryň tänip ýere düşişidigini belläp geçdi. Okuwçylar hem öz gezeginde güýzüň waspyny edýän klasik şahyrlaryň goşgularyndan labyzly okap berdiler. Soňra bolsa hünärmenimiz bilen çagalar öz aralarynda gyzykly sorag jogap alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş neslimiz üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.