Agşam gowy ýatyp bilmedik Ýazjemal horazlaň obany örüzip gygyrýan sesi eşidilenden turmak bilen boldy. Daňdanyň ümüş-tamşynda daşaryk howlukdy. Häzir ony jahanyň garaňkylygy, ýekeligi, asla hiç bir zat howatyrlandyranokdy. Ýazjemaly biygtyýar özüne çekýän öýüniň golaýyndaky atyzda kemsiz bişen bugdaýlaň ýakymly ysydy. Ol çalt ädimläp bugdaýly meýdana geldi. Gözlerini mäkäm ýumdy. Uludan demini alyp, melul bolan ysyndan gandy: “Tüweleme, tüweleme. Bugdaý-a, bugdaý jan bolupdyr, bişme kemi galmandyr. Eliňde owranyp barýar. Ysyny dagy diýsene, janyňy alyp barýar, berekediň ysy bu, doýup bilemok. Bugdaýyň, ekinleň hasyla durşy gowy. Saçaklarymyzyň nany bol bolar. Çekseň zähmet – ýagar rehnet. Der döküp işleseň, rehnet ýagýar. Günüň tylla nuruna bişen guşgursak dänelere baksana. Ilimiz: “Altyn başly ak bugdaý” diýip hak aýdypdyr. Ýazjemalyň altyn öwüsýän bugdaý pelini synladygy saýy synlasy geldi. Gözleri dokundy. Bişen dänelerden bir-iki sanysyny agzyna atdy. Howlukman çeýnedi. Mele-myssyk çöregimiz bu altyn däneler. Bu Ýazjemalyň ýüreginiň owazy. Şol owazy häzir özünden başga janly-jemende eşidenok. Ýazjemal ony kimdir birine eşitdirjegem bolanok. Esli meýdany tutup duran adaja ösýän şemalyň täsirine başlary biri-birine çolaşyp ýuwaş, ýöne örän sazlaşykly owaz edýän dokmäde bugdaýlar Ýazjemalyň göwün guşuny al-asmanda pel-pelletdi. “Bu ýyl bugdaýyň ýyly. Enşalla, orak orup, hasyly tabşyrammyzsoň, lomaý girdeji alarys. Maşyn almaga toplap oturan pulumyzyň üstüni dolup, Arslanyň arzuw edýän maşynyny alarys. Ol diňe Arslanyň arzuwy däl-le. Şol maşyn biziň maşgalamyzyň arzuwy. Arslan: “Maşyn alty adamlyk. Biziň maşgalamyza niýetlenen ýaly. Eje maşyna hemmämiz sygýas. Ekine gitmek üçinem gowy. Ýogsa, paý-pyýada gitseň ýola-da wagt gidýär. Kakam-a has zerur. Meýdana gidende köp wagty ýolda geçýär. Maşyn wagtyňy tygşytlap berýär, uzak ýoluňy ýakyn edýär. Häzir ýollaram aýna ýaly tekiz. Maşynyň bir ýerine zeper ýetäýmesin diýjek gaýgyň ýok. Ekiniň başynda bolup gijräk gaýdaýanyňda-da ygtybarly ulagyň ýanyňda. Ýoluň müşgili ýok. Sähel salymda öýe getirýär. Maşgalaň bilen şähere gitjekmi ýa-da gezelenje?! Garaz, ähli zatda işiňi ýeňledýär” diýýär. Arslanyň aýdýanynyň jany bar. Maşyn hemişe atlanyp gidibermeli demir atyň-da. Nirede bolsaň hyzmata gaýym. Maşyn babatda meňem arzuwym bar. Ak reňkli täze maşynymyzda uly oglum Atajanyň gelnini şaňňyrdadyp öýe getirsek. Enşalla, toý etsek gelin maşyny öz ellerim bilen bezärin. Maşyn bezemek ýaş-ýeleňleň işi dälmi diýip, geň görjegem tapylar. Geň görseler görübersinler. Agzy ýellileň gepine gulak gabartjak gümanym ýok. Ojagymyzdaky ilki toýumyz. Gelnalyjy maşyn üçin milli eşikli gyz bilen oglan gurjagy eýýäm taýýarlabam goýdum. Şol bagtly günlerem uzakda däl. Aý-gün aýlanyp dur. Ynha, basym geler o günler.
Oglum Atajanyň ilerki köçedäki Akjaň gyzy Aýnada göwni bar diýýäler. Özünde-nä eşidemok, goňşym Ogulnurdan eşitdim. “Habaryň barmy?! Ogluň, garaňky gatlyşdygy, Akjalaň bagynyň ýanyndan aýrylanok. Bagyň garaguly ýaly. Ýöne bagy garagullanok ol, Akjaň gyzy Aýnany garagullaýar. Bir gezek ikisiniň bagyň aşagynda gepleşip duranyny gördüm. Biri-birini sulhy alýar öýdýän. Belki, wadalaşandyrlar. Habarlyrak bolaý diýjek bolýan goňşy. Ýitigiňizi gözläp Akjalaň gapysyndan barmaly bolaýmaň?! Ogluň taryna kakyp görseňe-mä bir zat syzarsyň.
-Şu-na dogry aýtdyň goňşy jan. Ýüreginde yşk odunyň tutaşanyna duýýadym-la. Ýöne Akjaň gyzy Aýna gabagyny galdyrýandyr öýtmezdim. Aýna häli-şindi öýe-de gelýär-le. Gyzym bolmansoň ýekelliräk görüp gelneje kömekleşmeli bolsa aýdaýgynam diýýär. Pylan zada kömek gerek diýsem elgamak ýaly ýetişýär. Bir gezek Aýnaň ejesiniň: ”Aýnany Eseniň jana-jan dostlarynyň biri ogluna gelinlige soraýar. Bizem Aýna razy bolsa şolara beräýeli diýýäs. Eli giň, gurply ýerler. Ýag iýip, ýüpek geýer, olara gelin bolup barsa. Gyz maşgalaň düşjek ýerini duşurmagam aňsat däl.” diýeni hiç ýadymdan çykanok. Aýnaň ene-atasynyň göwn-ä başga ýerde ýaly. Akja düşünjeli aýal. Aýna “Göwnüm başga-da” diýse, pikirinden el çeker-le. Ykbal meselesi-dä. Hökman ýaşlaň öz razylygy gerek. Ýogsa-da, men-ä bu habara begendim içimden. Aýna ýaly hyzmata gaýymja gelnim bolaýsa – diýip, arzuwlap ýördüm. Oglum gyz-a saýlap bilipdir. Aýna gelnimiz bolsa armanymyz ýok. Hany, howlukmaýyn. Sakawyň soňuna seredeýin-le.
Nesip bolsa, maşynam alarys, şaňňyrdadyp gelnem getireris öýümize. Ol nazaryny ýene bugdaýly atyza gönükdirdi. Birdenem ýany bilen getiren zatlaryny dörüşdirdi. “Bar eken” diýip, torbasynyň içinden matadan tikilen eplengi uly bir torbany çykaryp, bugdaý dänelerini syryp alyp salyşdyrdy. Torbany püre-pür edip doldurdy. Ind-ä ýetäýse gerek. Ýetmese ertir ýene ýygaryn. Ol akja mata bilen bugdaýlaň üstüni basyrdy. Torbany meýdanyň gyrasyna getirdi. Bugdaýly torbany öýe aşyrmak Meleguşuň wezipesidi. Ýazjemal sonorly sährada otlap ýören Meleguşuň adyny tutup gygyrdy. Ady tutulandan Meleguş keýerjekläp başyny galdyryp eýesiniň ýanyna eňdi. Ýagyrnysyna atyň tanyş torbasyny daňyp, ýaňky bugdaýly torbany içine saldy. Mallar üçin ýygan otunyň bilini ýüp bilen berk daňyp, torbaň bir gapdalyna sygdyrdy. Meleguş eýesine kömek gerekdigine düşünýän dek, ýüzüni öýe eltýän ýola öwürdi. Ýazjemala gypynç edere zat ýokdy. Meleguşuň bu hereketleri iş bitirjeginiň alamaty:
-Bar, ýoluň ak bolsun. Ýüki öýe äkit-diýip, ýagyrnysyna kakandan at öňe okdurylyp ýola düşdi. Badyny gowşatman öýe geldi. Üsti adamsyz gelen Meleguşy Nurly garşylady.
-Berekella, Meleguşum, berekella! Eýäňe hyzmat baryny edýäň. Hany, Ýazjemal, ony goýup gaýtdyňmy. Ýazjemalyň özi galandyr-la pyýada bararyn diýip. Men oňa häli bile gaýdaly diýdim. Bolşy şeýle, pyýada ýöremegi gowy görýär ol. Adamyň zannynda bar zady üýtgedip bolmaz eken. Ýogsam, atyzyň içinde-de pyýada ýöräp geçýär. Ýüküň düşürilse-de näme hokranyp dursuň. Meleguş saklama diýýän ýaly ýer peşedi.
-Näme, eýäň yzyndan gitjekmi. Bar, onda alyp gel diýenden at çapyp gitdi. Aýak yzlary bozulmadyk ýoly torç edip barşyna Ýazjemala duşdy.
-Meleguş nirä alňasap gelýäň. Menden ynjalman gaýtdyňmy?! At mün diýen äheňde Ýazjemalyň öňünde durdy. -Näme etjekdiň yzymdan gelip. Hälem, ýük agyr bolaýmasyn diýip münmedim-ä. At butnaman durdy. Ýazjemal ata atlandy. Wepaly janawer. Eýesini taşlajak gümany ýok.
Öýe gelensoňam Ýazjemal dynç alman, zire-zire bugdaý dänelerini bedrä guýup, göz terezisinden geçirdi. Bedrä doldy. Ýetse gerek. Ertir ir bilen uly gazanda gowurga gowraryn. Her bir işe ünsli çemeleşýän Ýazjemal gowurgany ýakman gowurmak barada kän oýlandy. Ile-güne hödür etjek zadyň kemsiz bolsa gowy. Obaň aýallary Sülgün gowurgaçyň gelnine meňzänok, gowurgany gowrup oňarmandyr. Ýuwaş-ýuwaş ökdelär-dä diýseler namys ederin. Iş oňarmaýan ýaly bolaryn. Kellesinde at çapýan alasarmyk pikirlerden aýňalman ol uka gitdi.
Ertesi gün Ýazjemal bilen Nurly daňyň gözi çyzylandan işe başlap, ojagyň üstüne gazany sazlap goýdular. Ogullary Atajan bilen Aşyr ilerden odun getirdi:
-Ejemem gowurga gowrardy. Gyzgynjak gowurgadan datsynlar diýip, goňşulara paýlardy. Gyzarypjyk bişen gowurgaň tagamyny diýsene. Meň-ä häzirden agzym suwarýar. Ynha, odunyňa taýýar gelin baý. Bugdaýy gazana guýsaň gowurgaňy gowrup başlabermeli.
-Günde-günaşa bişirilmeýän del tagamlar mydama agzyňy suwardýar, Nurly. Azajyk garaşsaň süýjüje gowurga taýýar bolar.
Ýazjemal bedredäki bugdaýlary goşawuçlap alyp emaý bilen gazana saldy. Bugdaý uly gazanyň ýarsyna ýetdi. Çakym dogry çykdy. Edil ölçenen ýaly:
-Nurly gowurga näzik hörek. Ýuwaşrak otda bişirmesek ýanmagy ahmal.
-Bolýar, oduny özüm sazlaryn. Sen bulap dursaň bolýar.
Ýazjemal tagta çemçe bilen gowurgany bulady. Oduň howruna däneler deňje gyzarýardy. Şol pursat gazandaky däneleriň çişip köpelişine haýran galdy.
-Nurly seretsene. Hurş diýseň hurş, bereket diýseň bereket. Bişende öz-özünden köpelýär. Iýseň bedeniňe güýç-kuwwat inýär. Üýtgeşik tagam. Süýjetmek üçin içine zat garmak gerek däl, tagamy özi bilen. Bugdaý ekinleň naýbaşy. Adamzat nesliniň höregi.
-Şoň üçin ekinleň soltany diýilýär bugdaý-a. Nurly bilen Ýazjemal taýýar gowurgany uly okaralara guýdylar. Gyzgyn howry burnuňa urup duran gowurgadan ilki özleri datdy.
-Süýjüdigini. Bal ýaly, ysy işdäňi açýar. Iýseň, iýesiň gelýär. Ýazjemal, gyzgynjakka goňşulara paýlaly.
-Bolýar, Nurly paýlaly. Ýazjemal çaklaňja okaralary hatarlady. Hemmesini gowurgadan doldurdy. Säher bilen gowurgaň ýakymly ysy töwerege ýaýrady.
-Gelin, gowurga gowurdyňmy?! Ysy aýdyp dur. Gaýnyň pahyr bu höregiň ussadydy. Agzyňda kibirdäp eräp gidýän gowurgasynyň tagamy dadanlaň ýadyndan çykmaz. “Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden bolarmyş” diýipdir könelerimiz. Seňem gowurgaňa baha bereris gelin. Ýogsa-da gaýnyň ruhuna şat edensiň. Gowy görýän höregidi – diýip, Näzik daýza söz gatdy.
-Gaýnenemiň ruhuny şat edip bilsem, armanym ýok, Näzik daýza, alyň, gyzgynjak gowurgadan dadyp görüň, baha beriň. Ýazjemal Näzik daýzaň garrylykdan gasyn baglan ellerine okarany uzatdy. Garry sandyraýany mese-mälim duýulýan elleri bilen okarany berk tutup öňünde goýdy.
-Sag bol, gelin! Gowurg-a biz bereket höregi diýerdik. Her ýyl bugdaý ýetişende, gowrup biri-birimize paýlardyk. Hemmäňiziň gowurga gowrup biri-biriňize paýlamagyňyzyň sebäbi näme diýmegiň mümkin. Her kimiň gowurgasynyň özboluşly tagamy bar. Ýürek söýgiň, yhlas-mähriň bişirýän tagamyňa siňýär. Biz gowran gowurgalarymyzdan dadyp baha bererdik. Gaýneneň gowurga gowruşam üýtgeşikdi. Gyzaranja däneleri kepgirde bökdürende, ýekeje dänäni ýere gaçyrmaz. Biş-düş etmek eliniň ujundady. Gelin seňem eliň gaýneneňki ýaly süýji eken. Bereket bersin diýip, okara süýji-köke salyp uzatdy.
Ýazjemalyň gowurgasy goňşularyň baryna ýetdi. Ol bugdaýdan bol hasyl almaga siňdiren yhlaslaryny ýatlady. Arryklan ýeri taba getiräýmek aňsat iş däldi. Şonda topraga siňdirýän azaby boş geçýän ýaly duýuldy. Nurla:
-Bu ýerden isleýän hasylymyzy alyp bilesimiz ýok-la. Haşal otuny orup aýrarys-la welin. Ýeriň ýüzüne seretsene. Şordan ýaňa ak gaýmak çalnan ýaly. Bu ýeri yzyna tabşyrsak gowy bolar. Nurly Ýazjemala oýlan diýýän ýaly bir sözem jogap gaýtarmady. Ýazjemal çöke düşüp oturdy. Gözüni bir nokada dikip kän oýlandy. Oýlandygyça serindäki dumanly pikirleri durlandy. Kejikýänine düşündi. Ýeri günäkärläre sebäp tapyp bilmedi. Gaýta gulagyna “diline düşünseň, ýer altyn hazynadyr” diýen ses eşidildi. Toba, toba. Günä biziň sabyrsyzlygymyzda öýdýän. Ýeriň gurplanaryna garaşmaga takadymyz ýetenok. Ene ýer hasabyny dürs ýöredýär-le. Ýazjemal eli bilen oýkalap owradan topragyndan azajygyny agzyna atdy. Ene topragyň süýji tagamyny duýdy. Elhepus, men-ä näme diýjegimi bilemok. Toprak süýjäp başlapdyr. Hasylyň ysy gelip dur-a.
-Adam çig süýt emen-dä. Ýalňyşýan öýdýän Nurly. Topragyň aşaklarynyň şory aýrylyp süýjäp ugrapdyr. Ýere ýene bir ýyl yhlas etsek, hasyla ýüzümiz düşer enşalla. Aýalynyň pikiri Nurlyň göwnüne jaý boldy.
Olar döwletiň daýhanlara döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýeri sürdürip, dökünlediler. Soň suw tutdylar. Kärende ýerine ir baryp, giç gaýtdylar. Yhlas edilen ýer taba gelýärdi. Topragyň ýüzi durlanyp melewşe öwüsdi. Yhlasynyň netijesi Ýazjemalyň ökjesini ýeňletdi. Ýadawlyk duýmady. Bugdaý tohumyny “Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli” diýip, ak arzuwlar edip sepdiler. Wagtynda suwuny tutup, dökünini berensoň pelde ýaşylja gyrtyçlar göründi. Ýaşyl öwüsýän pele nazary düşen Ýazjemalyň begenşini diýsene, şonda. Ýüzündäki ýylgyryş esli mahal aýrylmady. “Enşalla, bol hasyl alarys. Ene ýeriň diline düşünip, demine diň salmaly eken. Özem ýüregiň bilen diňläp, kalbyň gözi bilen garamaly eken. Sözsüz gürleşip otyr-a. “Toprak eýesiniň gözünden suw içer” diýleni çyn eken. Şol pursat topragyň ekinini müňletjegine, durmuşyny gülletjegine ynandy.
-Ýazjemal gelin, hasyla garaşyber. Ýygnap tükedip bilmersiň. Bereketli hasyl janly-jemendäň baryna ýetýär. Mal-gara samany gyşyna ot-iým bolýar. Türkmen aga muňa “bolsady ekilen” ýaly düýýär. Bu Geldi aganyň sesidi.
-Geldi aga, töwerek-daşymyzy altyn sümmüller gurşap dur. Günüň şöhlesine öwşün atýan meýdandan Ýazjemal öýe gitmäge howlukmady. Ýogsa, agşam naharyny taýýarlamaga bir wagt çen boldy. Ozallar nahar atarmaly wagt boldy – diýip, haýdan-haý öýe howlukýan Ýazjemaly bu gün bir döw çalan ýaly gyssananok. Öýem, naharam ýadyna düşenok. Gaýta bugdaýly pele ýylgyryp bakyp: “Yhna, yhlasyň netijesini görüň! Özüm-ä ene ýeriň gudratyny, däneleň müňleýşini görýän. Şol wagt bugdaýly meýdana gonan guşlar däne çokup başlady. Ekiniň bişenini guş-gumrular, janly-jandar özüňden öňürti bilýär. Bular paýyny almaga gelendir. Alsa alybersinler, oň bilen gutarjak gümany ýok-la. Ekin eýesiniň gözünden suw içýär eken. Der döküp idi-issiwadyny ýetirmeseň-ä hasyl aljak zadyň ýok. Döken deriň zere öwrülse welin hümmeti başga. Älhepus, bar zat atyşykly çemçe bu durmuşda. Birdenem Ýazjemalyň şol waka ýadyna düşdi.
Şol ýyl gyş agyr geldi. Howa sowuk boldy. Zerur bolmasa hiç kimiň öýden çykasy gelmedi. Ýazjemalyň jorasy Arzygül goňşy oba durmuşa çykypdy. Ilerki köçedäki Göwherjik duýdansyz gapydan girip dört eplengi haty Ýazjemala tutdurdy.
-Joraň Arzygül iberdi. Allaniçiksi bolan Ýazjemal haty howlukmaç açdy. “Göwnüm gowurga küýseýär. Bir goşawuçjyk. Sizde iýen gowurgamyz bar-a. Gyzardypjyk gowrulan gowurga. Ýogsa, gaýny öýümde-de gowurdylar gowurgany. Ýöne göwnüm şol gowurgany küýseýär-dä. Göwherden ugratsaň getirer özi.
Arzygülüň hamyladygyndan Ýazjemal habarlydy. Dükanda akja un satylyp duransoň, öýde bugdaý dänesi saklanyp durmazdy. Mahal-mahal gowurga gowurmagy halaýan Ýazjemal welin, bugdaý dänelerini ykjamja halta salyp saklardy. Ol nah matadan tikilen haltaň agzyny açyp iki goşawuç bugdaýy okara guýdy. Elekde eledi. Elekden seçelenip geçen däneleri gazana atyp gowurdy.
-Ysyňa döneýin. Ýazjemal endigan gyzaran bugdaý dänelerini okara saldy. Gyzgynjagy bilen Arzygüle ugradaýyn. Ol gowurgany ykjam gaba geçirip daşyny dolady-da Göwherlere ugrady. Mazaly Göwherem, ejesem öýde eken.
-Salamälik, Maral gelneje, sag-gurgun oturanmysyňyz?!
-Alik salam Ýazjemal, özüňizem sag-amanmysyňyz?!
-Maral gelneje, men bir işlije geldim. Goňşy oba çykan joram Arzygülden Göwher hat getirdi.
-Gaty gyssagly, möhüm bolaýmasyn, ylga-da eltip gaýt gyzym - diýip, Göwheri özüm ugratdym size.
-Aladaňyza sag boluň!
-Seň gowran gowurgaňy göwnüm küýseýär. Özem gaty küýseýär diýip ýazypdyr. Arzygül üçin gowurga gowurdym. Göwher jan şuny gowşuryp bilmezmi-kä.
-Gowşurar Ýazjemal, näme gowşurman. Göwni del zatlary küýseýän bolsa agzy bimazadyr. Bular ýaly ýumşy bitirmegiň sogaby uludyr.
-Göwher, Göwher jan, gel gyzym bärik. Yhna, gowurgaly şu haltajygy ilerki obadaky Arzygül ejekeňe eltmeli.
-Ysjagazynyň gowudygyny.
-Al gyzym, dadyp gör. Göwher haltaň agzyny açyp bir çümmük gowurgany agzyna atdy.
-Süýjüdigini. Ol köwüşjiginiň bagjygyny daňdy-da dogumlyja ädimläp ýola düşdi. Ýazjemal Maral gelneje bilen hoşlaşyp öýüne dolandy. Mellekdäki ekinlerine seredip, öýe girenem şoldy welin, jygyldap açylan gapydan Göwher girdi.
-Arzygül ejä gowşurdym. Özem eline berdim. Gowurgany Ýazjemal gelneje ugratdy - diýdim.
-Tüweleme, Göwher jan, sen-ä iş bitiripsiň. Hany, ýanyma gelsene!
-Me, Göwher jan, ýumuş bitireniň üçin-diýdi-de gyzjagazyň goşawujyny dolduryp kişmiş berdi.
-Gara üzümiň kişmişini gowy görýän.
-Gowy görseň, hoş bolsun, iý Göwher jan. Iýesiň gelen çagy geliber, kişmiş köpdür. Kişmiş paýyny alan Göwher öýlerine ýelk ýasady.
Jorasynyň haýyşyny bitirse-de Ýazjemalyň göwnüne bir zat kem ýaly. Ol Arzygüli görüp gaýtmagy ýüregine düwdi. Ertesi gün irden ýola düşdi. Elim boş barmaýyn diýip, gara üzümiň kişmişindenem aldy. Ýolda Ata aga duşdy:
-Ýazjemal gelin, ugur nirä - diýdi.
-Goňşy oba, joram Arzygüllere.
-Münüň maşyna, menem gelnejeňi atasy öýüne alyp barýan.
Ýazjemal Tuwak gelnejä salam berip maşyna mündi.
-Joraň Arzygülleň öýi obaň başynda. Gaýnenesi, gaýnatasy süňksiz gowy adamlar.
-Habar alaýyn diýip gaýtdym Tuwak eje. Ýazjemal Arzygülleň öýüniň deňinde düşdi. Mellek çilden ýöräp gelýän Arzygül jorasyna gözi düşenden ädimlerini çuslandyrdy.
-Ynjalmansyň-da jora jan.
-Hawa, Arzygül jan, gözüm bilen görmesem ynjalmadym.
-Gowurga üçin Taňryýalkasyn.
-Göwnüň küýsese aýdyber Arzygül!
Ýazjemal Arzygüle köp maslahatlary berdi. Toýly gelin döwletli gelindir – diýip, kişmişli haltajygy uzatdy. Jorasy bilen süýjüden süýji söhbet edip düşegi ýumşan Ýazjemal Gün gijigende öýe dolandy. Üstünden ýyllar aşan bu wakany oňa altyn çäjli meýdan birin-birin ýatlatdy.
...Sümmül bolan bugdaýly atyza göwni göterilen Ýazjemal:
Bugdaýy el bilen ýygalyň. Zähmetimiziň miwesini ellerimiz bilen ýygnasak rysgalymyz artar. Ol bu sözleri ýürekden aýtdy. Gürlände sesi sandyrady. Ertesi ir bilen oragyny eline alyp, Nurly bilen meýdana geldiler. Ýazjemal bugdaýly topraga aýagyny basmaga-da ejap etdi. Ýekeje dänäňem aýak astyna düşmezligi üçin seresaply ordy. Heý-de çöregi harlap bolarmy?! Men topragy däl-de altyny basýan, maşgalamyzyň bagtyny gujagyma gysýan. Halal zähmetiň miwesini ýygnaýan.
Geldi aga bilini berk guşap, eline oragyny alyp bugdaý orup başlan goňşusyna düşünmän:
-Goňşular kombaýnlar gelýär häzir. Indi tehnikaň döwri. Şolara ýygdyraýyň. Bizem kombaýna ýygdyrjak.
-Geldi aga, kombaýn çalt ýygýa-la. Ýöne biz el bilen ýygmagy ýüregimize düwdük. Ýazjemalyň gara çynydy. Raýyndan gaýtaryp bilmejegine gözi ýeten Geldi aga:
-Bolýar gyzym, harmanyňyza bereket.
Ýazjemal bilen Nurlynyň goşawuçlaryny dolduryp orýan bugdaýlary desselere öwrüldi. Garaňky düşýänçä peliň esli ýeriniň bugdaýyny ordular. Tomsuň güni Günem giç batýar. Nurly bilen Ýazjemaly häzir garaňkam öýe ugradyp bilenokdy. Gaýta agşamyň sergin howasyna işe gyzyşdylar. Asmanda ýyldyzlar görnensoň olar meýdanyň gyrasyna geldiler. Ikisem bu günki çeken zähmetlerinden hoşal.
-Şu günkimiz ýaly işlesek, iki günde bugdaýy orup gutararys.
-Menem şony pikir edýän Nurly. Meýilnamamyza artygy bilen ýerine ýetireris.
...Bugdaýy olar iki günüň içinde orup gutardylar. Meýilnamalarynam artygy bilen ýerine ýetirip, lomaýja girdejem, arzuw eden maşynlarynam aldylar. Aýnalara sawçylyga baran Ýazjemalyň habary alnyp, çöregi hem çalşyryldy. Indi Nurly bilen Ýazjemal uly toýuň aladasyndady. Bu bagt olara altyn däneli sümmülleriň sowgadydy.
Ogulgurban Gaşlakowa.