Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri»–taglymaty ylmyň röwşen çyragy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri G.Aýnazarowanyň alyp barmagynda geçirilen bu çäre talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda halypa mugallymlar we talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ähmiýeti hakynda gyzykly gürrüň berdiler.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa «Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitaby ylmy taglymatdyr» atly tema bilen çykyş etdi. Şol kafedrasynyň uly mugallymy A.Hojamämmedowanyň «Hakyda göwheri» atly kitaby talyp ýaşlary terbiýelemekde görüm-görelde» diýlip atlandyrylan çykyşy has-da täsirli boldy. Mugallym talyp ýaşlaryň arassa ahlakly, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekde birnäçe maslahatlaryny berdi we Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly bu ajaýyp eserinden gymmatly parçalary maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň müdiri M.Nuryýewa bolsa «Hakyda Göwheri» kitaby şöhratly taryhymyzyň beýany» atly çykyşy bilen gatnaşdy.
Bu maslahata halypa mugallymlar bilen bir hatarda talyp ýaşlar hem gatnaşyp, olaryň çykyş etmegi bu dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Estrada sungaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby D.Hajyýew «Hakyda göwheri» kitaby ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýeti» atly çykyşy bilen bu maslahata gatnaşdy we ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri barada birnäçe gyzykly maglumatlary berdi. «Hakyda göwheri-paýhas dürüdir» atly tema bilen bolsa Sazşynaslyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby A. Abalakowa çykyş etdi.
Umuman, bu maslahat örän täsirli we ýatda galyjy häsiýete eýe boldy. Dogrudan-da, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilýän baý maglumatlar beýan edilýär. Bu kitap her bir ynsan üçin taryhymyzy öwrenmekde gymmatly hazyna bolup hyzmat eder.