logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ALYSLARA ÖWÜŞGIN BERÝÄN HAZYNA

ALYSLARA ÖWÜŞGIN BERÝÄN HAZYNA

Lebap welaýat kitaphanasynyň «Okyjylara hyzmat edýän» bölüminiň kitaphanaçylary tarapyndan Türkmenabat şäheriniň 26-njy orta mekdebinde Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 360-ýyllygy mynasybetli «Alyslara öwüşgin berýän hazyna» atly edebi agşamy geçirildi. Bu ýerde söýginiň, gözelligiň, watanperwerligiň waspçysy Nurmuhammet Andalyp nusgawy edebiýatynyň beýik şahyrydygy barada we onuň «Ýusup-Züleýha» dessany barada giň gürrüňler edilip, giň gerimli kitap sergisi guraldy.