ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň orunbasary Andrew Berdy Türkmenabat şäherine eden iş saparynyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldy. Myhman muzeýde welaýatymyzyň ykdysady ösüşleri, taryhy we medeni ýadygärlikleriniň gyzykly taryhy hem-de tapylan tapyndylary, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary we ülkämiziň tebigaty bilen has ýakyndan tanyşdyryldy we gezelenjiň özünde uly täsiriň galandygyny buýsanç bilen belläp geçdi.