«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat, Farap etrap birleşmeleri bilen bilelikde gurnamaklarynda «Amul galasy şanly taryhdan nyşan» atly maslahat geçirildi. Bu çärä ýaşuly neslimiz, kümüş saçly enelerimiz, KA-nyň işjeň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny, milli mirasyny, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzy, kerwensaraýlarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Beýik ýüpek ýolunyň esasy demirgazyk şahasy Amul galasynyň geçmişdäki ähmiýeti, ýerleşişi, häzirki wagtdaky dabaralanmasy barada gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan «Milli mirasymyz – umumyadamzat hazynasy» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmäge döredilip berilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.