logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ANATOLIÝA MEDENIÝETLERI MUZEÝINDE MASLAHAT

«Türki dünýäsiniň dikeldiş we ulgamlaýyn barlaghanalarynyň toruny (TWRCLN)» döretmegiň çäklerinde, Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy we Türkiýäniň beýleki degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýylyň 9-13-nji fewraly aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» öz işine başlady.

9-njy fewralda–Ankara şäherinde Arheometriýa we muzeýşynaslyk ugry boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow gatnaşdy. Maslahatyň barşynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen bagly işlenen taslamalaryň çäklerinde medeni gymmatlyklary rejelemek, olary dikeltmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň sanly tehnologiýalar arkaly nusgalaryny taýýarlamak barada çykyşlarda beýan edildi.