logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Dostlukly dabaralar

Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2026-njy ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda doganlyk Özbegistanyň Andijan şäherinde geçirilen çärelere hem-de dabaralara ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy.

24-nji iýunda Andijan şäherinde çärä gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertinde, ýurdumyzyň döredijilik topary üstünlikli çykyş etdi. Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen konsertde hem bu döredijilik topary «Meleguş», «Küştdepdi» atly aýdymly tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. 26-njy iýunda dabaraly çärelere gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik toparlary Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler.