Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Änew taryhy medeniýetiň ojagy» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde hünärmenimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň. «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary tutuş adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygy, olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň biziň günlerimize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň gadymy taryhyny giňişleýin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.