logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARASSAÇYLYK WE SAGDYNLYK

ARASSAÇYLYK WE SAGDYNLYK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni Türkmen Döwlet Medeniýet institutyň talyplary bilen bilelikde Aşgabat şäherinde ýerleşýän №38-nji çagalar bagynda «Arassaçylyk we sagdynlyk» atly söhbetdeşlik geçirdiler. Çagalara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndan dermanlyk otlaryň suratlary görkezildi we çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Esasan-da, häzirki gyş paslynda çagalar sowuklan wagty bu ajaýyp kitapdan peýdalanyp, ondaky görkezilen çopantelpekdir, it burun ýaly peýdaly otlardan demlenen çaý içmeklik maslahat berildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmen Döwlet Medeniýet institutyň talyplary gyş pasly hakynda birnäçe tapmaçalar, ertekidir, goşgular boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.