logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arkadag şäheri bagtly döwrüň nyşany

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri bagtly döwrüň nyşany» atly maslahat we sergi geçirildi.

Maslahatda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramaçysy Ahmet Rejepow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni Mämmedali Orazaliew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň birleşmesiniň Arkadag şäherini komitetiniň partiýa guramaçysy Bägül Kulamanowa çykyş etdiler.

Arkadag şäheri milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň halkara derejesinde ykrarnama eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň hem-de durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäheriniň ýerleşen ýeriniň tebigy gözelligini saklap galmak maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin bagy-bossanlyga bürenen, milli ruhda bezelen seýilgäh toplumlary döredildi. Şäheriň belent binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ol ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr

Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.