logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ŞÄHERI-BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň gurnamagynda «Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheri» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň akylly şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşa, abadan durmuşa, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydygy barada giňişleýin söhbetler edildi.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.