logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ŞÄHERI – EKOLOGIÝANYŇ WE SAGDYNLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri – ekologiýanyň we sagdynlygyň ajaýyp sazlaşygy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri Garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ajaýyp sahypadyr. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan, iň ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde-de, milli gymmatlyklarymyzyň orun almagy şäheriň täsinligini, özboluşlylygyny, üýtgeşik gözelligini, kalbymyza ýakynlygyny şertlendirýändigi barada, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga bermeginde Arkadag şäherinde eýýäm birnäçe gezek köpçülikleýin bag ekmek çäreleri üstünlikli geçirilendigi hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýändigi hakynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de peder ýolundan belent gadamlar bilen halkyny ýeňişli menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.