Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy amatly maýa goýum gurşawyny döretmegi, halkara maliýe düzümleri, sebit banklary bilen netijeli, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi, iri maýa goýumlary çekmegi hem-de infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.
Innowasion şäher gurluşygynyň ykrar edilen nusgasy bolan täsin şäher iň soňky maglumat tehnologiýalarynyň we özboluşly binagärlik çözgütleriniň toplumyny özünde jemleýär. Şunda Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň, belli daşary ýurt kompaniýalarynyň 20-den gowrak güwänamasyna we diplomlara mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Geçen ýyl bu şäher Koreýa Respublikasynda geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisiniň “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklaryna mynasyp boldy. Mundan başga-da, oňa Wena şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil babatda “Hil saýlawy — 2024” nyşany bolan “Diamond” derejesi berildi. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de ykrar edilen “akylly” şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şähergurluşyk taslamasy — Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheri ýaşaýjylara bagtyýar we abadan ýaşaýyş üçin ähli şertleri üpjün etmek bilen, täze, döwrebap desgalaryň gurulmagy netijesinde barha ösýär. Gurluşyk ulgamyndaky döwrebap tehnologiýalar Arkadag şäherinde netijeli ulanylýar. “Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi bilen, innowasiýalar, ýokary medeni gurşawy we maýa goýum işjeňligi bolan şäher öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basýar- diýip, duşuşykda çykyş edenler bellediler.