logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ŞÄHERI–BEHIŞDI BEDEWLERIŇ MEKANY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Arkadag şäheri–behişdi bedewleriň mekany» atly duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda çykyş edenler her ýylymyzyň mynasyp atlandyrylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygarynyň halkymyzy, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlere atarjakdygy, Arkadag şäheriniň ganatly bedewleriň gadymy hem-de juwan mekanydygy hakynda täsirli söhbetler edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadamy batly behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda yzygiderli tagallalary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.