logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Arkadag şäherinde ahalteke bedewleriniň keşbi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda «Arkadag şäherinde ahalteke bedewleriniň keşbi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Arkadag şäheri häzirki zaman binagärligiň, milli däp-dessurlaryň we medeni gymmatlyklaryň sazlaşykly utgaşýan ajaýyp merkezi bolup, bu şäherde türkmen halkynyň buýsanjy bolan bedewlere aýratyn hormat goýulýandygy, bedewler türkmeniň taryhy, medeniýeti we ruhy dünýäsi bilen berk bagly bolup durýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri dünýäde özleriniň owadanlygy we çydamlylygy bilen giňden tanalýandygy, Arkadag şäherinde bedewleriň keşbine uly orun berilmegi, milli mirasa goýulýan hormaty görkezýändigini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.