logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAG ŞÄHERINDE ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

ARKADAG ŞÄHERINDE ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

22-nji martda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen «akylly» şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Bu ählihalk çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ekologiýa syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bag ekmek dabarasyna Arkadag şäheriniň ähli adamlary işjeň gatnaşdylar.

Berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzda degişli ekologik derejäniň saklanmagynyň hem baş şertini emele getirýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işläp başlanyna 4 ýyl bolýar. Geçen döwürde gaznanyň hemaýat bermeginde köp sanly dünýä nusgalyk çäreler amala aşyryldy. Bu işler halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň tagallalary esasynda barha ösdürilýändigini subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmegiň hem sogaply işleriň biri hasaplanýandygyny nygtamak gerek.

Halkymyz taryhyň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň hem-de oňa aýawly çemeleşmegiň ajaýyp nusgasyny kemala getirdi. Häzirki wagtda bu däpler döwrebap derejede ösdürilip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

«Türkmenistan» gazeti