logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ŞÄHERINDE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK, EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Arkadag şäherinde daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ýaşyl ykdysadyýet ýörelgelerini durmuşa geçirmek maksady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.

Tebigata gadyr gymmat goýýan halkymyzyň köp asyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu wagyz nesihat çäresine Saçly Dursunow adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy. Bu wagyz nesihat duşuşygy talyplarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda ajaýyp ülkämizi bagy – bossanlyga öwrüp, ekologiýa arassaçylygy berjaý etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Wagyz nesihat duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bagy–bossanlyga öwürmäge uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.