logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAG ŞÄHERINIŇ EKOLOGIK TAÝDAN ARASSALYGY NOBATDAKY GÜWÄNAMA BILEN TASSYKLANYLDY

ARKADAG ŞÄHERINIŇ EKOLOGIK TAÝDAN ARASSALYGY NOBATDAKY GÜWÄNAMA BILEN TASSYKLANYLDY

13-nji martda häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň binagärlik çözgüdi, ekologik derejesi boýunça halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Dabara şäheriň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Amatly ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertleri özünde jemleýän, milli binagärlik bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine dürli ugurlar boýunça halkara güwänamalaryň, degişli diplomlaryň we şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzda binagärlik ýörelgeleriniň ösüşiň täze derejesine çykandygyny görkezýär.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda Arkadag şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbine, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň we innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan dürli maglumatlar, fotosuratlar görkezildi. Sergide şäheriň dürli ugurlar boýunça mynasyp bolan halkara güwänamalary, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zehininden dörän kitaplar möhüm orun eýeledi. Şeýle hem bu ýerde hytaý tarapynyň wekilleriniň bölüminiň guralandygyny bellemek gerek.

Dabarada edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda şähergurluşyk maksatnamasynyň talabalaýyk berjaý edilýändigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri milli binagärligiň özboluşly nusgasyna öwrüldi.

Soňra HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene söz berildi. Ol bu ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi. Hytaýyň Hançžou şäheri innowasion senagaty ösdürmekde, häzirki zaman sanly ulgamyň, emeli aňyň mümkinçiliklerini işjeň özleşdirmekde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Bu şäheriň Dýanszi uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlary bilen tehnologiýalar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, halkara giňişlikde bina edilýän şäherleriň derejesine baha bermek bilen meşgullanýar. Şeýle hem diplomat çykyşynyň dowamynda 2014-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Hançžou şäherine amala aşyran saparyny ýatlap, onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

«Türkmenistan» gazeti