logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAG SERDAR BILEN ARZUWLAN DÖWRÜŇ GELDI PYRAGY

ARKADAG SERDAR BILEN ARZUWLAN DÖWRÜŇ GELDI PYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji Zenanlar guramasy, Döwlet kitaphanasy, «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramaklarynda Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen «Arkadag Serdar bilen arzuwlan döwrüň geldi Pyragy» atly tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjydyr, milli şahyrydyr, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň, bütin adamzadyň ruhy baýlygydyr diýip aýratyn belläp geçdiler. Çünki beýik söz ussadynyň döredijiligi, edebi mirasy bütin adamzady agzybirlige, jebislige,ynsanperwerlige çagyrýar diýip nygtadylar.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.