logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG SERDARLY BAGTLY NESILLER

Ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilim-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman iň oňat şert-mümkinçiliklerini özünde jemleýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

Körpelere ilkinji edep-terbiýe kadalary çagalar baglarynda öwredilip başlanýar. Bilimiň ilkinji başlangyçlaryna hem olar şol ýerlerde gadam goýýarlar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylandygyny, körpeleriň aň-düşünjelerini ösdürmekde, dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde munuň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtamak bolar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Balkan welaýat kitaphanasynda körpejeleriň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtly nesiller” ady bilen ertirlik geçirildi. Ertirlige Balkan welaýatynyň 27-nji “Elektron” çagalar bakja bagynyň körpeleri hem-de 31-nji “Aýgül” çagalar bakja bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çagalara kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehinlerinden dörän ajaýyp kitaplaryndan , şeýle-de türkmen halk ertekilerini, rowaýatlary, tymsallary okap berdiler we ertekilerdäki gowy häsiýetli gahrymanlara meňzemekligi ündediler.

Balkan welaýat kitaphanasynyň çagalar otagynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklere, sport ýaryşlara, ertirliklere bagtyýar körpeleriň höwes bilen gatnaşyp, öz zehinlerini açyp görkezýändiklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge hemme şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz asla egsilmeýär.