logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, watansöýüji bolup kemala gelmeklerinde giň şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, geljegimiz bolan ýaş nesilleri lebzi halal ruhda terbiýelemek,olaryň gursagyna watançylyk söýgüsini guýmak asylly ýörelgeleriň biridigini,perzendiň asylly, edep-ekramly bolmagy üçin ilkinji nobatda, ene-ata görelde bolmalydyr diýip, nygtap geçdiler.

Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.