logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ÝYLDYZY BAGTYŇ ÝYLDYZY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň işgärleri bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň fizika fakultetiniň mugallymlarynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Arkadag ýyldyzy bagtyň ýyldyzy» atly tegelek stoluň başynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir Türkmenistanlyny ganatlandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň, teleskopdyr onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetine gowşurylmagy ähli halkymyz, esasan-da ylymdan ganatly ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri bolandygy barada gürrüňler edildi.

Söhbetdeşlikde şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, kitaphana işini kämilleşdirmekde uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.