logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAG ÝYLDYZY

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygyna, şeýle-de 2024-nji ýylda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan açylan «Arkadag» ýyldyzyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bir ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskobyň, onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu günki gazanylan üstünlikler doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiýadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplara üstünlikli çykyş edip Diplomlara ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda astronomiýa ylmyna uly üns berilýändigini subut etdiler.

Uniwersitetiň eýwanynda dabara bilen ugurdaş kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, talyplaryň taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, taslamalarynyň, dürli işläp düzmeleriniň, oýlap tapmaçalarynyň sergisi guraldy. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi.

Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.