logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY AJAÝYP TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY AJAÝYP TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze eseriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bu ajaýyp kitap türkmen döwletini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!