logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY- PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Türkmenistan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Aşgabat säher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde geçirilmeginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly » atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly gymmatly kitabynyň many -mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip bellediler.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.