Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählimiziň bilşimiz ýaly ajaýyp zamanamyzyň her bir güni taryhy ösüşlere, şanly senelere beslenip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Bu ajaýyp kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir. Bu ajaýyp eser parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
Maslahatyň ahyrynda bizi döwletli döwranda ýaşadýan, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun.