Balkan welaýat kitaphanasynda «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna gözel paýtagtymyzdan gelen «Biznes» reklama gazetiniň bölüm redaktory Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärler bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow, Arkadag şäheriniň Aman Gulmammedow adyndaky döwlet drama teatrynyň derejeli drama artisti Ýagmyr Gurbannazarow, «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamamedow we Balkan welaýatynyň halypa ýazyjy–şahyrlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyny ýol ýörelge edinip, ýaş nesillere parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň gadyr–gymmaty barada gürrüňleri, ajaýyp şygyr setirleri bilen wasp etdiler. Bu duşuşyga gatnaşan talyplarda, edara kärhanalardan gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Duşuşygyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Bagşy sazandalar» toparynyň ýerine ýetirmeginde watanymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy we kitaphanada gurnalan birnäçe kitap sergilerine syn berildi şeýle-de girelge zalymyzda Balkan welaýat çeperçilik orta hünär okuw mekdep okuwçylarynyň çeken eserlerine syn edildi. Türkmen halkyny owadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.