Mary welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda «Arkadagyň eserleri görelde mekdebi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.Maslahat duşuşygyna mary säheriniň Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, döredijilikde hem ýaşlara görelde bolýandyklaryny, halk we döwlet ähmiýetli işleriniň daşyndan döredijilik bilen meşgullanyp, ýiti paýhasy bilen dürdäne eserleri döredip, halkymyza ýetirýändigini nygtamak bilen, bu eserlerde halkymyzyň şöhratly taryhy, beýik şahslarymyz, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiz-sungatymyz, asylly däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin maglumatlaryň jemlenendigini aýtdylar. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda talyp ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini okamak, öwrenmek, ýankitabyna öwürmekleri barada öwüt-ündew berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, zehinlerini açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, halkymyz hem-de türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma öwrülen ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.