Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen orta mekdebinde 2025-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çagalar we mekdep kitaphanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Arkadagyň eserleri kitaphananyň ylham çeşmesidir» atly türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan çykýan eserlerinden hem-de onuň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkyna, ýaşlarymyza peşgeş beren eserlerinden göçme sergi gurnap, ýaş okyjylarymyzyň arasynda tematiki agşamy geçirildi.
Türkmen halky kitaby gymmatly hazyna, paýhas çeşmesi hasaplamak bilen, umumadamzat ýadygärlikleriniň edebi jemlenmesi hökmünde oňa örän aýawly çemeleşýär. Kitap halkymyzda mukaddeslik derejesinde eý görülýär, sarpalanýar. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr.
Bu sergide çykyş eden öňdebaryjy mugallymlar we ýaş okyjylarymyz, kitaplaryň halkymyza köp asyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, eziz Diýarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan uly üstünliklerini açyp berýän, ýaşlaryň terbiýeli, ylymly-bilimli, bolup ýetişmeklerinde terbiýe mekdebi bulup durýandyklaryny nygtadylar.
Dabaraly agşamyň ahyrynda kitaba uly hormat goýan, beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän, kitaphanalary, ylym-bilim ojaklaryny ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.