logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ARKADAGYŇ ESERLERI–ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

ARKADAGYŇ ESERLERI–ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda «Arkadagyň eserleri–ýaşlaryň görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Peder dowamaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseriniň many-mazmuny barada hem aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.